Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynda welaýat kitaphanasy tarapyndan ýörite okuw geçirildi. Okuwa welaýatdaky şäher we etrap merkezi kitaphanalarynyň müdirleri gatnaşdylar. Okuwyň dowamynda çagalar baglarynda kitaphana işgärleri tarapyndan geçirilýän sesli okaýyşlaryň we ertirlikleriň guralyşy, şeýle-de türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada tejribe alşyldy.
Çäräniň dowamynda kitaphanalara okyjy çekmegiň täze usullaryny ornaşdyrmak, okyjylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny giňden peýdalanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, çagalar bilen geçirilýän medeni-okuw çärelerini täzeçe guramak boýunça pikir alşyldy.
Lebapda kitaphana işini güýçlendirmek meýilleşdirilýär
25
May

