JEMGYÝET

Lebapda Jemagat hojalygy birleşiginiň maddy-tehniki binýady 550 ulaga ýetdi

Lebap welaýatynyň jemagat hojalygy gulluklarynyň tehniki üpjünçiligi Hytaýyň dünýä meşhur «Infore Enviro», «Zoomlion» we «Dongfeng» kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary bilen düýpli berkidildi. Täze tapgyrda gelip gowşan 150-ä golaý tehnikanyň hasabyna welaýat boýunça ýöriteleşdirilen ulaglaryň sany 550-ä golaýlady. Täze enjamlaryň hatarynda 20 sany zir-zibil daşaýan ýük ulagy, 60 sany açyk görnüşli konteýner, şeýle hem ilkinji gezek getirilen ýükleýji ekskawatorlar we ýol ýuwujy-süpüriji awtoulaglar bar.
Bu täze tehnikalar şäher we oba ýerlerinde hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hususan-da, uly göwrümli 20 kub metrlik zir-zibil daşaýan ulaglar we köçeleri arassalamakda derman ýaly peýdaly bolan kiçi ýol ýuwujy tehnikalar işleriň netijeliligini has-da artdyrýar. Şeýle hem göçme ussahanalaryň, suw daşaýjy we lagym ulgamlaryny arassalaýjy ýöriteleşdirilen tehnikalaryň gelip gowuşmagy welaýatda jemagat hojalygy ulgamynyň maddy-tehniki taýdan doly döwrebaplaşandygyny subut edýär.