JEMGYÝET

Lebapda işleýän kompaniýa OGT ― 2023-iň platina hemaýatkäri boldy

Öz işlerini Lebap welaýatynyň çäklerinde alyp barýan CNPC her ýyl geçirilýän esasy energetika çäresi bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumyna işjeň gatnaşýar. Kompaniýa bu ýyl 25—27-nji oktýabrda geçiriljek forumyň platina hemaýatkäri boldy.

CNPC daşky gurşawa hormat goýmagyň möhümdigini ykrar etmek bilen, birnäçe ýyl bäri «OGT» halkara forumyna gatnaşyp gelýär. Häzirki wagta çenli 35 ýurtdan 400-den gowrak wekiliýet foruma gatnaşmak üçin hasaba alyndy we sergide 70-den gowrak halkara energetika kompaniýasy öz stendlerini görkezer.