Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Mümkinçilikleri çäkli çagalary mekdebe taýýarlamak, inklýuziw bilim we terbiýeçileriň, mugallymlaryň iş tejribelerini kämilleşdirmek» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilen çärä Türkmenabat şäheriniň çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar. Maslahatda ulgamyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler barada çykyşlar edildi.
Maslahatyň dowamynda toplumda bilim-terbiýe alýan çagalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Şeýle hem göreldeli sapaklar geçirilip, ösüşinde aýratynlygy bolan çagalaryň durmuş endiklerini ösdürmek, sözleýiş ukyplaryny kämilleşdirmek we olary mekdebe taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler görkezildi. Çäräniň dowamynda görkezme çykyşlar we wideo arkaly sapak synlary guraldy.
Lebapda inklýuziw bilim boýunça maslahat geçirildi
21
Mar

