LUKMANÇYLYK

Lebapda inçekesliň öňüni almaga ýardam berýän sanjymlar köpçülikleýin urlar

Lebap welaýatynda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine laýyklykda inçekeseliň öňüni almak maksady bilen mantu synagyny we BSŽ-2 sanjymyny etmeklige taýýarlyk çäreleri görülýär. Şeýle-de şu günlerde möwsümleýin ýokanç kesellere garşy aýry-aýry adamlara keseliň öňüni alyş sanjymlary edilýär.

Sanjymlar bedeniň saglygyny berkidýär. Munuň özi, ýaş nesliň sagdyn geljegini gazanmakda örän ähmiýetli bolup, bu işler etrabymyzda meýilnama laýyklykda yzygiderli dowam etdirilýär. Ýakyn günlerde bolsa etrabyň çägindäki ähli mekdeplerde 14 ýaşly oglan-gyzlara inçekesele garşy sanjym işleri geçiriler.