TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ilatyň bökdençsiz üpjünçilik işleri gözegçilikde

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi gyş paslynda welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilýändigi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, degişli ulgamlaryň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.