Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Lebap welaýatynyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 2195,5 tonnasy, limonyň 36,3 tonnasy öndürildi.
Şeýle-de şol döwürde etiň 40,4 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 120,4 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 58,6 million sanysy öndürildi.
Bu önümleriň esasy böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda hususyýetçileriň höwesli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändiginden habar berýär.
Lebapda ilat gök önümler bilen bol-elin üpjün edilýär

30
Apr