Lebapda hususy önümçiligiň paýy artýar
Şu ýylyň tamamlanan üç aýynda Lebap welaýatynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 5322,7 million manada barabar boldy. Şonça önümleriň 1392,9 million manatlygy ykdysadyýetiň döwlet böleginde öndürildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üstümizdäki ýylyň üç aýynda önümleriň öndürilişiniň artyş depgini sement, ýüpek matalary, nah ýüplükleri, süýji-köke önümlerini, elektrik energiýasyny öndürmekde bellenildi. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda senagat kärhanalaryndan sarp edijilere ugradylan
senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 1239 million manatlyga barabar bolup, şonça önümleriň 54,4 göterimi ýurdumyzyň daşyna ugradyldy.