Lebapda howa gündizlerine 20 gradusa çenli maýlar
Şu hepde Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar.
Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… -7 gradus sowukdan +1…+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1… +4 gradusdan +15… +20 gradus aralygynda maýyl bolar.
Bu barada Gidrometeorologiýa baradaky gulluk «Türkmenistan» gazetinde habar berdi.