Şu hepde Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser.
Howa gijelerine +9… +14 gradusdan +13… +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23… +28 gradusdan +30… +35 gradus aralygynda maýyl bolar.
Bu barada Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda habar berdi.