TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda howa 40 gradusa çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada beren maglumatyna görä, Lebap welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine +35…+40 gradusa çenli ýokarlanar. Welaýatda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar.
Maglumata görä, Lebap welaýatynda hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11…+16 gradusdan +18…+23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine bolsa +25…+30 gradusdan +35…+40 gradus aralygynda yssy bolar.