JEMGYÝET

«Lebapda» her tapgyrda 100 çaga dynç alýar

Lebap welaýat häkimliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýatyň körpeleri wagtlaryny şadyýan geçirýärler. 10 gün dowam edýän her tapgyrda çagalaryň 100-si bu ajaýyp merkezde dynç alýar.

Merkezde çagalaryň wagtly-wagtynda naharlanmaklary, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryna eýermekleri, saglyklaryny berkitmekleri ugrunda hem ýadawsyz alada edilýär. Bu ýerde üçüsi daşarda, ikisi içerde bolan bäş howuz bolup, olaryň ýörite çagalar üçin niýetlenilenleri bar. Ähli sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bolşy ýaly, goýny sapaly bu binada hem çagalaryň lezzetli we sagdyn dynç almaklary üçin ähli amatlylyklar göz öňünde tutulan.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu ýerde çagalar üçin aýdym-sazly çykyşlar, şadyýan oýunlar, medeni-sport çäreleri we döredijilik bäsleşikeri-de guralýar. Şeýle-de çagalar dynç alýan döwründe Awaza derýasynyň kenarynda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» muzeýine hem-de tebigatyň gözel ýerlerine gezelenç edýärler.

«Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny hoş geçirýän çagalar özleri barada döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny aýdýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: