Lebapda hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar. Bu barada «Türkmenistan:Altyn asyr» saýtynda bellenilýär.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar.
Howa gijelerine +7… +12 gradusdan +11… +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18… +23 gradusdan +26… +31 gradus aralygynda maýyl bolar.