TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň beren maglumatyna görä, şu hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa garaşylýar. Hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagy çaklanylýar. Şemal günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedip, tizligi sekuntda 8—13 metrden 11—16 metre çenli ýetip biler.
Howanyň temperaturasy gijelerine -4…+1 gradusdan +5…+10 gradus aralygynda, gündizlerine bolsa +2…+7 gradusdan +16…+21 gradus aralygynda maýyl bolar. Şeýle howa şertleri hepdäniň dowamynda welaýatda dowam eder diýlip çaklanylýar.