Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Hasyl toýy uludan tutuldy.
Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly enelerimiz toý dabaralarynyň bezegi boldular. Daýhan hojalyklaryndan gelen öňdebaryjy kärendeçilere, ýerden bol hasyl öndüren hususyýetçilere, öz işleriniň ussatlary bolan ýüpekçilere, bagbanlara, bakjaçylara we oba hojalygynda öz gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan beýleki işgärlere hormat-sylaglar bildirildi. Medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazlary bilen dabara özboluşly öwüşgin çaýdylar.
Ildeşlerimiz türkmeniň bereketli topragynyň nygmatlaryny görkezýän baý mazmunly sergilere buýsanç we guwanç bilen tomaşa etdiler. Oba hojalyk hem-de dokma önümleriniň dürli görnüşleri baýramçylyga gelenleriň ünsüni çekdi.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň daş-töweregindäki alty ganat ak öýlerde bolsa bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, milli tagamlarymyzyň dürli görnüşi toý dabaralaryna gatnaşyjylara hödürlenildi. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde öňe saýlanan zähmet adamlarynyň bir toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaraly günde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler hem guraldy.
Lebapda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi
11
Nov
