Lebapda Hasyl toýuna bagyşlanyp sergi guraldy
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli «Bol hasyl — halkyň rysgal-berekedi» ady bilen wagtlaýyn sergi guraldy.
Bu serginiň açylyş dabarasyna ýaşuly nesliň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ussat kärendeçi daýhanlar we dürli kärde zähmet çekýän ildeşler gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň dowamynda bu ýere ýygnananlar sergide ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri we beýleki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu bolsa, sergini guraýjylaryň — welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň yhlasly zähmetleriniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.