JEMGYÝET

Lebapda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji partiýa guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Ýygnaklaryň dowamynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işlere seljerme berlip, öňde durýan wezipeleri amala aşyrmagyň ugurlary kesgitlenilýär. Şeýle hem partiýa agzalarynyň teklipleri öwrenilip, partiýanyň Tertipnamasyna we Maksatnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Guramalaryň düzüminde bolup geçen üýtgeşmeler we iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi hem seljerilýär.
Ýygnaklarda il-ýurt bähbitli döwlet syýasatyny halk arasynda giňden wagyz etmek partiýa agzalarynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenilýär. Bu ugurda degişli çäreleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy bellenilýär.