JEMGYÝET

Lebapda Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylýar

Lebap welaýatynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary başlandy. Bu çäreler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatdaky dürli edaralarda we jemgyýetçilik ýerlerinde geçirilýär.
Berilýän pul sowgatlary çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara, orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerinde okaýan gyz talyplara, dürli pudaklarda zähmet çekýän aýal-gyzlara, şeýle hem pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan zenanlara gowşurylýar. Baýramçylyk dabaralary sungat işgärleriniň çykyşlary bilen utgaşyp, welaýatda degişli çäreler dowam edýär.