Lebapda halkara olimpiada taýýarlyk görülýär
Çärjew etrabynyň orta mekdeplerinde şu ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzda geçirilejk II Halkara matematika olimpiadasyna taýýarlyk işlerine badalga berildi. Etrabyň orta mekdepleriniň iň zehinli okuwçylary halkara bäsleşige gatnaşmak üçin saýlanyp alynýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginden gelip gowşan Düzgünnama laýyklykda, mekdep okuwçylary ýaryşyň «B» toparçasyna wekilçilik edip bilerler. Olaryň 15,5 ýaşdan geçmezligi şertdir. Olimpiada şahsy görnüşde geçirilýär. Has takygy, onda her bir gatnaşyjy özüne utuk toplamaly bolar.
Häzirki wagtda etrap bilim bölümi tarapyndan halkara Olimpiada gatnaşjaklary hasaba aldyrmak işleri hem alnyp barylýar. Hasaba alnyşyk 10-njy aprele çenli dowam eder.