Şu gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy — Halkara Bitaraplyk güni Lebap ilinde-de uludan baýram edildi. Baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyndan başlandy. Ir säherden bu ýere welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri we talyplar ýygnandylar.
Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy astynda ýaşyl Baýdagymyzyň belende galdyrylmagy bilen başlandy. Soňra dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk çykyşlary we gutlaglary diňlenildi. Çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdi bilen ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde bolsa «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň hoşniýetli parahatçylyksöýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň nobatdaky üstünlikleri boldy. Bagtyýar ildeşlerimiziň belleýişleri ýaly, ýurdumyz bu gün hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny ähli pudaklarda täze zähmet üstünlikleri, beýik özgertmeler bilen baýram edýär. Bagtyýar ildeşlerimiz halkymyzy özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň joşgunly çykyşlary, kompozisiýa eserleri bilen utgaşdy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi, berkarar döwletimiziň ösüşleri, halkymyzyň bagtyýarlygy wasp edildi. Aýratyn hem dürli dillerde ýerine ýetirilen aýdymlarda, doganlyk halklaryň tanslarynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyk gatnaşyklary öz beýanyny tapdy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiler we dürli reňkdäki şarlar uçuryldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hem aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi. Onuň dowamynda ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şeýle baýramçylyk çäreleri welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerini giňden gurşap aldy.