14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa» we 79-njy «Darganata» saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenilendigi mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Pikir alyşmalaryň netijesinde saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi. Mejlisiň dowamynda saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň çäklerini kesgitlemek, hereket edýän saýlaw toparlarynyň düzümini seljermek, saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalary tassyklamak ýaly meselelere garaldy. Şeýle hem welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda saýlawlaryň açyklyk we bäsdeşlik esasynda geçirilmegini üpjün etmek, ilat arasynda düşündiriş işlerini alyp barmak boýunça çäreleriň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Lebapda halk maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljek günleri belli boldy
15
Jan
