Lebapda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 98 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 98 ýyllygy mynasybetli onuň welaýat bölüminde maslahat geçirildi. Oňa degişli hünärmenler we meýletinçiler gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda ýurtda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň tertipnamasyndaky esasy wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň, bu ugurda şäherlerde we etraplarda ýaşlaryň we zähmetkeşler köpçüliginiň arasynda alnyp barylýan işleriň, geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.
Etraplardaky wekiller, öz gezeginde, guramanyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen ýurtda arassaçylyk goraglylygyny berkitmek, ýokanç we beýleki keselleriň öňüni almak, tebigy betbagtçylyklarda raýatlara ilkinji kömek we durmuş taýdan goldaw bermek boýunça geçirilýän işleriň netijelerine üns çekdiler.