TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda gyşyň öňüsyrasynda howa maýlap başlaýar

Lebap welaýatynda ýene howa maýlaýar. Hepdäniň dowamynda gündizki maýyllyk +24 gradusa çenli ýeter. Bu barada «Türkmenistan: Şu gün» elektron neşiri habar berýär.
Elektron gazetiň ýazmagyna görä, şu hepdede Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +15…+20 gradusdan +19…+24 gradusa çenli maýyl, gijelerine –1…+4 gradusdan +4…+9 gradusa çenli maýyl bolar.