Lebapda gyş maýyl günler bilen dowam eder
Salkyn günler bilen başlan hepde Lebap welaýatynda salkyn günler bilen hem
dowam eder.
«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, welaýatda hepdäniň dowamynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser.
Howa gijelerine -1… -6 gradus sowukdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0… +5 gradusdan +8… +13 gradus aralygynda maýyl bolar.