MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Lebapda gurluşyk we senagat toplumynyň öňdebaryjy wekilleri sylaglanyldy

Lebap welaýat häkimliginde Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli bu toplumynyň öňdebaryjy işgärleri sylaglanyldy. Baýramçylygyň şanyna konsert guraldy.
Dabarada toplumyň zähmetsöýer adamlarynyň ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, önümleriň we hyzmatlaryň möçberini artdyrmak hem-de
täze belentliklere ýetmek ugrunda halal we tutanýerli işleýändikleri barada giňden gürrüň edildi. Gurluşyk we senagat toplumynyň ösdürilmegine giň gerimli döwlet maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýanlaryň atlary tutuldy.