JEMGYÝET

Lebapda gurluşyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar

Lebap welaýatynyň häkimi Maksat Annanepesow döwlet Baştutanyna Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bu hasabat 21-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslaghatynda berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: