YKDYSADYÝET

Lebapda gowaçalaryň hatarara bejergileri dowam edýär

Lebap welaýatynda tehnikalaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegi netijesinde gowaça ekilen meýdanlarda 1-nji we 2-nji hatarara bejergi işleri hem guramaçylykly dowam etdirilýär. Häzirki döwre çenli 90 müň gektara golaý ýerde 1-nji, 20 müň gektardan gowrak meýdanda hem 2-nji hatarara bejergi işleri geçirildi. Şeýle hem gowaçalary karbamid döküni bilen 1-nji gezek gapdaldan iýmitlendirmek işleri 15 müň gektara ýakyn ýerde amala aşyryldy.
Gowaça bejergisinde peýdalanylýan tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem aýratyn paý degişlidir. Geljekki hasylyň ykbalyny kesgitleýän häzirki wagtda gowaçalara ideg etmek işleri Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew hem-de Dänew etraplarynda has-da talabalaýyk alnyp barylýar.