Lebap welaýatynda gowaça ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri guramaçylykly dowam edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda welaýat häkimi D.Genjiýew hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi geçirmek, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu çäreler pagta hasylynyň bol bolmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işleriň ýokary hilli alnyp barylmagynyň zerurdygyny belläp, oba hojalyk ekinlerine ideg işlerinde ylmy esaslandyrylan kadalaryň berk berjaý edilmelidigini nygtady.
Lebapda gowaça meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär
13
May

