25-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda welaýatda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Şeýle hem welaýatda bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleriniň dowam edýändigi habar berildi. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri hem alnyp barylýar.
Lebapda gowaça meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar
26
May

