Lebap welaýatynyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, irki ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.
Bu barada welaýatyň häkimi M.Annanepesow döwlet Baştutanynyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Lebapda gowaça ideg işleri alnyp barylýar

27
May