Lebap welaýatynda şu ýyl 130 müň gektar meýdana gowaça tohumyny sepip, 320 müň tonna pagta hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda welaýat boýunça gowaça ekişiniň 85 göterimi ýerine ýetirildi.
Ekiş möwsüminde Saýat, Kerki, Köýtendag we Halaç etraplarynyň pagtaçy kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Bu etraplarda göz öňünde tutulan meýdanlaryň 90 göteriminden gowragynda ekiş üstünlikli geçirildi. Welaýatyň beýleki etraplarynda hem meýilleşdirilen işleriň agramly bölegi ýerine ýetirildi.
Häzirki günlerde welaýatda bir günde 4,5 müň gektardan gowrak meýdanda gowaça ekişi geçirilýär. Bu umumy meýilnamanyň her gün 3,5 göteriminiň ýerine ýetirilýändigini görkezýär. Möwsümiň başyndan bäri mehanizatorlar döwrebap tehnikalaryň 340-a golaýy bilen ýokary hilli tohumyň tas 10 müň tonnasyny ene topraga sepdiler.
Welaýatda gowaça ýetişdirmek işine daýhan birleşikleriniň kärendeçileri bilen birlikde daýhan hojalyklarynyň we ýer gaznalarynyň eýeleri hem işjeň gatnaşýarlar. Hususy önüm öndürijiler hem şu günler gowaça ekişini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.
Lebapda gowaça ekişiniň 85 göterimi tamamlandy
02
May

