Lebap welaýatynda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur bolan ähli taýýarlyk işleri welaýat boýunça ýokary derejede ýerine ýetirildi. Bu barada döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda 16-njy martda geçirilen iş maslahatynda welaýatyň häkimi hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň doly sazlygy üpjün edilip, guramaçylykly girişmek üçin degişli çäreler görüldi.
Mundan başga-da, ýazky bag ekmek möwsümini we ählihalk bag ekmek dabarasy üçin baglaryň ekiljek ýerleri öňünden kesgitlenip, nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edildi. Bu çäreler welaýatyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilendir.
Lebapda gowaça ekişine we bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görüldi
18
Mar

