TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda gowaça ekişine taýýarlyk görülýär

Lebap welaýatynda häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Bu barada welaýatyň häkimi Maksat Annanepesow duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda hasabat berdi.
Hasabatda aýdylyşy ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg hem-de ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: