YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça ekişine gatnaşjak tehnikalar doly taýýar edildi

Lebap welaýaty boýunça daýhan birleşiklerinde hem-de etrap obahyzmat önümçilik kärhanalarynda alnyp barlan guramaçylykly işleriň netijesinde şu günki gün degişli oba hojalyk gurallary doly abatlanylyp, gowaça ekişine birkemsiz taýýar edildi.
Möwsüme «Monosem» takyk gowaça ekijileriň 64-si, şeýle-de «SÇH 4B» dört hatar gowaça
ekijileriň 336-sy çekiler. Ekiş möwsüminiň dowamynda dişli ýumşadyjylaryň 7035-sini, «KHU
4B» dört hatar kultiwatorlaryň 915-sini, «Ortman 8375» alty hatar kultiwatorlaryň 66-syny,
«Ortman 8375» sekiz hatar kultiwatorlaryň 33-sini ulanmaklyk göz öňünde tutulýar.