YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça ekişine badalga beriljek gün belli boldy

Lebap welaýatynda gowaça ekişine 25-nji martda badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ak pata berdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew tarapyndan oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berildi.
Häzirki wagtda welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek çäreleri dowam edýär. Gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary, şeýle hem ýokary hilli tohumlar möwsüme taýýar edildi.