4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Lebap welaýatynda gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belläp, bu işleri berk gözegçilikde saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Lebapda gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
05
May

