YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Lebap welaýatynda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edip, şu güne çenli ekilen meýdanlaryň möçberi 14 müň gektara golaýlap, umumy meýilnamanyň 10,6 göterimine ýetdi. Ekiş işleri esasan Dänew, Çärjew we Saýat etraplarynyň daýhan birleşiklerinde guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýyl welaýat boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekip, 320 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda meýdanlara «S-2606», «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «Ýolöten-53», «Garaşsyzlyk-30», «Buhara-8» hem-de «Buhara-10» görnüşleriniň tohumy sepilýär we hojalyklar zerur tohum bilen doly üpjün edilýär. Ekiş işlerine 400-den gowrak gowaça ekiji tehnikalar gatnaşdyrylýar, şeýle-de «John Deere» kompaniýasynyň traktorlary hem-de «Monosem», «Gaspardo» ýaly döwrebap ekiji tehnikalar arkaly takyk ekerançylyk usuly giňden ornaşdyrylýar.