2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda welaýatda 1 müň 807,7 tonna gök önümi öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 385,8 tonna köp bolup, ösüş depgini 27,1 göterime ýetdi.
Gök önüm öndürilişindäki şeýle ýokary ösüş oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidir. Häzirki zaman ýyladyşhanalarynyň döredilmegi hem-de ýerleriň netijeli peýdalanylmagy ýylyň ähli möwsümlerinde täze önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.
Lebapda gök önümleriniň öndürilişi ep-esli artdy
14
Mar

