YKDYSADYÝET

Lebapda gök önümleriň ýetişdiriliş möçberi artýar

Şu ýylyň geçen bäş aýynda Lebap welaýatynyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 26,7 müň tonnadan gowragy, miweleriň we ir-iýmişleriň 824,4 tonnasy, ýeralmanyň 18,8 müň tonna golaýy öndürildi.
Şunlukda bu önümleri öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ösüş depgini gazanyldy (gök önümler 36,6 göterim, miweler we ir-iýmişler 14,9 göterim, ýeralma 2,7 göterim).