YKDYSADYÝET

Lebapda gök ekinleri ýetişdirmekde 18 göterime ýakyn ösüş gazanyldy

Şu ýylyň sekiz aýynda Lebap welaýatynda gök önümleriň ýetişdirilişi geçen ýylyň
degişli döwründäki bilen deňeşdireniňde 18 göterime ýakyn artdy.
Has takygy, şu ýyl gündogar sebitde 168,6 müň tonna gök önümler ýetişdirildi.
Geçen ýyl bolsa welaýatda gök önümleriň hasylynyň 143,3 müň tonnasy ýygnalypdy. Ýeri gelende aýtsak, sebitde azyklyk bakja önümleri ýetişdirmekde hem 18,7 göterim ösüş gazanyldy.
Lebaply daýhanlaryň çäksiz yhlasy bilen, sebitde her ýyl ýokary hasyl ýygnalýar.
Ýetişdirilen gök önümler diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, eksporta hem
ugradylýar.