Şu hepde Lebap welaýatynda howa gijelerine -3 gradusa çenli sowar. Şeýle hem hepdäniň dowamynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň habar bermegine görä, welaýatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar.
Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser.
Howa gijelerine -3… +2 gradusdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9… +14 gradusdan +16… +21 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebapda gijelerine suw doňup başlar
01
Dec
