Şu ýylyň 11 aýynda Lebap welaýatynda miwelerdir gök önümleriň 113 müň 592 şertli bankasy gaplanyldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18 göterime golaý artyşyň üpjün edilendigini görkezýär.
Geçen ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda welaýatda miwelerdir gök önümleriň 96 müň 335 şertli bankasy gaplanylypdyr. Şeýlelikde, şu ýyl gaplanylanlar geçen ýyldakydan 17 müň 257 banka köp boldy.
Şunda bu mukdaryň diňe 4 müň 609 şertli bankasy döwlet eýeçiligindäki kärhanalarda gaplanyldy. Galan bölegini bolsa hususy taraplar gaplap, alyjylara ýetirdiler. Ýylyň başyndan bäri döwlet eýeçiligindäki kärhanalarda gaplanan önümleriň önümçiliginde hem 2,6 göterimlik artyş hasaba alyndy.
Lebapda geçen ýyldakydan 17 müň banka köp gaplanyldy
12
Dec

