YKDYSADYÝET

Lebapda gazlaşdyryş boýunça ýyllyk meýilnama berjaý edildi

«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň işçileridir hünärmenleri tarapyndan üstümizdäki ýylyň entek 10 aýy hem tamamlanmanka ýyllyk meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilmegi, ýagny, 2025-nji ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan 42 müň 360 metre derek 42 müň 387 metr gaz geçirijileriniň çekilmegi işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.
Welaýat boýunça müdirligiň işgärleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň başyndan bäri ilatly ýerlere çenli 25,3 kilometrden gowrak aralyga eltiji gaz geçirijileri çekilipdir, ilatly ýerleriň içine çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy bolsa 17 kilometrden gowrak bolupdyr. Gaz
geçirijileriň 30,8 kilometri oba ýerlerine, 11,5 kilometri hem şäherçelere we şäherlere çekilipdir.