Welaýat medeniýet merkezinde Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan çäreler boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. «Amul» folklor-tans topary Aşgabatdageçiriljek dabaraly konsertde «Noý-noý» we «Çapak» tanslary bilen çykyş eder.
Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçiriljek esasy dabara welaýatdaky etraplaryň we şäherleriň aýdymçylary, bagşy-sazandalary hem-de döredijilik toparlary gatnaşarlar. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileriniň, çagalar sungat mekdepleriniň çykyşlary hem meýilleşdirilýär. Baýramçylyk ýerinde milli mirasymyzy we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşleri görkezýän sergiler
guralar.
Welaýat medeniýet merkeziniň hünärmenleri we sungat işgärleri taýýarlyklara gatnaşýarlar. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde welaýat derejesindäki konsertlere we çykyşlara giň orun berilýär. Ýöriteleşdirilen sungat mekdebinde talyplar baýramçylyk konsertlerine gatnaşýarlar. Nakgaşçylyk bölüminiňmugallymlary we talyplary Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän suratlary sergilere hödürleýärler. Türkmenabat şäheriniň
çagalar çeperçilik mekdebinde hem Garaşsyzlyk mynasybetli surat sergisini guramak göz öňünde tutulýar.
Lebapda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görülýär
11
Sep

