Şu ýyl Lebap welaýatynyň kärhanalarydyr hojalyklarynda miwelerdir gök önümleriň 113 müň 340 bankasy gaplanyldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 17 müň 296 banka köpdür. Geçen ýyl welaýatda görkeziji 96 müň 43-e deňdi. Munuň özi 18 göterim artyş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.
Miwelerdir gök önümleri gaplamakda hem hususy telekeçilere uly paý düşýär.
Ýokarda görkezilen mukdaryň 4357 bankasy döwlet kärhanalarynda gaplanyldy.
Lebapda gaplanan miwelerdir gök önümler gyş möwsümine taýýar
14
Nov
