YKDYSADYÝET

Lebapda gallaçylygyň depgini ýokarlanýar

Bahar paslynyň gelmegi bilen Lebap welaýatynda ak ekinlere ideg işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Welaýat boýunça 130 müň gektar meýdana bugdaýyň synagdan geçirilen görnüşleri ekilip, häzirki wagtda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde hem ak ekinlere ideg bilen bir hatarda gowaça ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hojalykda 1272 gektar meýdanda «Alekseiç» we «Bezostyý-100» görnüşli bugdaý ekilip, onuň 600 gektaryndan tohumlyk almak meýilleşdirilýär. Geçen ýylda bu birleşik 4 müň 300 tonna galla ýygnap, gowaça boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny 108 göterim ýerine ýetirdi.
Daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynda 32 kärendeçi zähmet çekýär. Geçen ýylda olar 71 gektardan 285 tonna galla öndürip, döwlet harmanyna tabşyrdylar. Şu ýyl bolsa 350 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem tejribeli daýhan Ikram Kurbanow 2 gektar meýdanyň her gektaryndan geçen ýyl 50 sentner hasyl alyp, şu ýyl bu görkezijini 55 sentnere ýetirmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, onuň maşgalasy geçen möwsümde 150 kilogram pile öndürip, döwlet harmanyna tabşyrdy.