TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda galla oragynyň başlanjak güni belli boldy

22-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna 3-nji iýunda başlamagyň senesi bellenildi. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa galla oragyna 10-njy iýunda girişiler.
Mejlisde welaýatlarda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi. Galla oragyna başlamazdan öň welaýatlarda tejribe maslahatlaryny geçirmek, orak möwsümine ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga bermek baradaky mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy.