TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda galla oragyna taýýarlyk güýçlendirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Lebap welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berildi. Welaýatyň häkimi D.Genjiýewiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edildi. Häzirki wagtda däne ýygýan kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny orak möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.