TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda galla oragyna taýýarlyk görülýär

Şu günler Lebap welaýatynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu barada welaýatyň häkimi M.Annanepesow döwlet Baştutanynyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda hasabat berdi.
Şu ýyl welaýatda 300 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.