YKDYSADYÝET

Lebapda galla oragyna 300-den gowrak kombaýn gatnaşar

Lebap welaýatynyň gallaçy kärendeçileri ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekleri netijesinde, şu ýylda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Häzirki wagtda welaýatyň ähli ýerinde galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanyp, bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmäge we saklamaga doly taýýar edildi. Şonuň bilen birlikde, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň zähmeti netijesinde, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 300-den gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Orak möwsüminde işleri iki çalşykda alyp barmak meýilleşdirilýär.

Bugdaý hasylyny ekin meýdanlaryndan galla kabul ediş nokatlaryna daşamaklyga awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 520 töweregi çekilipdir.

Jogapkärli möwsümde galla oragynyň dowam edýän ýerlerinde, galla kabul ediş nokatlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan ýörite usuly-amaly maslahatlar geçirilýär. Kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş nokatlary ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: